HARYTLARY GAÝTARMAKLYK WE ÇALYŞMAK
Şu aşakda agzalan şertler esasynda harydy gaýtarmaklyk ýa-da çalyşmak mümkindir:
- Harytlary size gowşurylandan soňra 10 gün geçmezlik şerti bilen;
- Harydy kabul edip alnandan soňra, harydyň özüne, hardyň gabyna, gutusyna ýa-da harydyň belligine (etiketkasyna) zyýan ýetirilmedik ýagdaýynda;
- Siziň salgyňyza nädogry haryt getirilen ýagdaýynda;
- Eger zaýalanan ýa-da zeper ýeten harytlar getirilende;
- Egerde ýokarda görkezilen şertleriň hiç biri döremän ýagdaýynda, harytlary yzyna gaýtarmaklyk üçin ýa-da çalyşmaklyk üçin isleg dörän ýagdaýynda, harytlaryň tölegi yzyna gaýtarylýar, ýöne yzyna gaýdyş ýol tölegi müşderiden alynýar;
ÝÜZE ÇYKYP BILJEK KÄBIR MESELELER
Sargydymda bir haryt kem.
Eger harydyňyz kem gelen halatynda, sargydyňyzy getiren kuriýeriň ýanynda, sargyt fakturaňyza seredip harytlaryňyzy barlap almagyňyzy maslahat berýäris. Eger sargyt kem ýa-da zeper ýeten bolsa onda hökmany suratda kuriýere görkezip bellige aldyryň. Bu bellikler ýerine ýetirilmese, markaly.com jogapkärçiligi öz üstine almaýar.
Sargydym näçe wagtdan geler?
Sargydyňyz tassyk edilenden soň 10-15 günüň dowamynda geler.
Kwitansiýamy sargydym bilen birlikde getirmediler, Näme etmeli?
“HABARLAŞMAK” sahypasyna sargyt nomerinizi, e-poçtanyzy we kwitansiýa isleýändigiňizi ýazyp ugradanyňyzda kwitansiýaňyz siziň e-poçtaňyza ugradylar.
Ýa-da +99363153351 belgä jaň edip talap edip bilersiňiz.