ÖZARA YLALAŞYGY
BAYMR – internet dükany (mundan beýläk “Baymr”) we www.baymr.com internet saýty (mundan beýläk – “Saýt”) bilen onuň agzasyny (“Agza”) şu aşakdaky şertler esasynda hyzmatdaşlyk etjekdigi, bilelikde “Taraplar” diyip atlandyrylýanlar, şu aşakdakylar barada ylalaşdylar:
UMUMY DÜZGÜNLER:
- “Saýt” ähli adamlar üçin peýdalanylmaga açykdyr.
- “Saýtyň” agzalygyna degişli hyzmatlar tölegsizdir.
- “Agza”, şu ylalaşykda bellenilen şertlere eýerip, telefon belgisini we açar sözüni girizip agza bolanyndan soňra, hyzmatdan peýdalanyp biler.
- “Agzanyň” saýty we applikasyany ulanyp başlamagy ylalaşygyň ähli şertlerini kabul edýär diýip hasaplanýar.
- Şu ylylaşyk, agzalygyňyz ýatyrylandan soňra güýjini ýitirýär.
- “Markaly” şu ylalaşyga birtaraplaýyn üýtgetmäge we goşmaçalary girizmäge hukuklydyr.
“AGZANYŇ” HUKUKLARY WE BORÇLARY:
“Agza” şulara borçludyr :
- Özüniň buýurmasy esasynda “Baymrynyň” bellenilen wagtynda getiren harydyny görnüşleri, möçberi we hili boýunça sargyt fakturasy we laýyklyk düzümine (çek) laýyklykda kabul edip almaga;
- Harytlaryň bahasyny sargyt fakturada bellenilen tertipde öz wagtynda “Baymra” tölemäge ;
- Öň beren buýurmasyndan ýüz öwüren ýagdaýynda, bu barada harytlaryň üpjün edilmeli wagtyndan azyndan 2(iki) gün öňünden “Baymra” ýazmaça habar bermäge;
- “Agza”, saýtdan peýdalanan döwründe Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hereket etmäge borçlanýar.
“Agzanyň” şulara hukugy bardyr :
- Bizde saklanan maglumatlaryňyz hakda maglumat almaga hukugyňyz bardyr;
- Maglumatlaryňyzda kemçilik bar bolsa, ýalňyş ýa-da doly däl bolsa, olary düzedilmegini ýa-da ýatyrylmagyny talap edip bilersiňiz;
- Açar sözüni ýatdan çykaran ýagdaýyňyzda saýtdaky “Açar sözümi ýatdan çykardym” funksiýasyndan peýdalanyp bilersiňiz;
- Buýurmada görkezilen wagtyndan giç getirilen harytlary kabul edip almazlyga;
- Hili, haryt görnüşi bellenilen standartlara laýyk gelmeýän harytlary kabul edip almazlyga;
BAYMR-nyň HUKUKLARY WE BORÇLARY
“BAYMR” şulara borçludyr:
- “Agzany” buýurmalarynda görkezilen harytlar bilen görnüşleri we möçberleri boýunça bellenilen wagtynda üpjün etmäge;
- Harytlary “Agzanyň” buýurmasynda görkezilen ýerine öz ulagynda, öz hasabyna getirip bermäge;
- Harytlarynyň hiliniň bellenilen standartlar boýunça talaba laýyk bolmagyny üpjün etmäge;
- “Baymr” “Agzalaryň” maglumatlarynyň konfidensiallygyny üpjün etmäge borçlanýar. Şeýle-de öz gezeginde “Agza” öz şahsy hasaplary, açar sözi ýaly maglumatlary üçünji taraplar bilen paýlaşanda ýüze çykyp biljek ähli ýagdaýlar üçin “Agza” jogapkärdir;
- Harytlary buýurma belgisi görkezilip düzülen sargyt fakturasy we laýyklyk düzümini (çek) bilen bile üpjün etmäge;
- “Agza” tarapyndan harytlaryň harydy gaýtarmaklyk ýa-da çalyşmak islegi duýdurlandan soň 10 (on) günüň dowamynda yzyna kabul edip ýaramly gowy bolan haryt bilen üpjün etmäge;
- Harytlaryň bahalarynyň üýtgän ýagdaýynda, bu barada “Agza” öňünden habar bermäge;
“ BAYMR ” şulara hukugy bardyr:
- Taraplaryň arasynda üpjün edilen harytlaryň bahasynyň bellenilen tertipde tölenilmegini “Agzadan” talap etmäge;
- täze görnüşli harytlaryny “Agza” teklip etmäge;
- “Agza”, saýtdan peýdalanan döwründe, Türkmenistanyň kanunçylygyny we şu ylalaşygyň şertlerini bozan halatynda “Baymr” agzanyň agzalygyny ýatyrmaga hukuklydyr.
Taraplaryň jogapkärçiligi
- “Baymr” “Agzadan” kabul eden buýurmalary boýunça harytlary bellenen wagtynda üpjün etmeklige jogapkärçilik çekýär;
- “Agza” kabul eden harydynyň bahasyny şu ylalaşygyň şertlerine laýyklykda öz wagtynda tölemeklige jogapkärçilik çekýär;
- “Agzalar” we “Baymrynyň” operatorlarynyň arasynda geçen aragatnaşyk ýazgylary, ýazyşmalaryňyzy saklamak “Agzanyň” öz jogapkärçiliginde.
- Agzalan maglumatlar ýitirilen halatynda “Baymr” hiç hili jogapkärçiligi öz üstüne almaýar.
Aýratyn şertler
- “Agza”, “Baymrynyň” ýa-da “saýtyň” işine päsgelçilik döretmeli däldir. Eger-de agza päsgelçilik döretse, “saýta” zeper ýetirse ýa-da beýleki agzalaryň saýtdan peýdalanmagyna päsgelçilik döreden ýagdaýynda, “Baymr” tarapyndan “Agzanyň” agzalygy bes ediler we bu ýagdaý sebäpli ýüze çykjak her bir hukuk we jerime jogapkärçiligini Türkmenistanda hereket kanunçylyk esasynda öz üstüne kabul edýär.
- “Agza” tarapyndan söwda, ylalaşyk işleri üçin girizen maglumatlarynyň dogrylygyna saýty öz maksadyna laýyk ulanyljakdygyna kepil bolýar. “Agza” tarapyndan maglumatlar dogry girizilmedik ýagdaýynda, maksada laýyk ulanylmadyk ýagdaýynda “Taraplaryň” arasynda ýüze çykyp biljek zeperleriň çykdajylary “Agza” tarapyndan tölenýär;
- “Agza” tarapyndan söwda, ylalaşyk işleri üçin girizen maglumatlarynyň dogrylygyna saýty öz maksadyna laýyk ulanyljakdygyna kepil bolýar. “Agza” tarapyndan maglumatlar dogry girizilmedik ýagdaýynda, maksada laýyk ulanylmadyk ýagdaýynda “Taraplaryň” arasynda ýüze çykyp biljek zeperleriň çykdajylary “Agza” tarapyndan tölenýär;
Intelektual hukuk
- Baymrynyň yazmaça razylygyny almazdan, dolylygyna ýa-da bölekleýin göçürmek, ýaýratmak, ulanylşa bermek, üýtgetmek we saýtda bar bolan maglumatlary, suratlary we mazmunyny bashga maksatlar üçin ulanmak dolulygyna gadagan.Saýtyň mazmunynda bar bolan ähli (ýazgylar, maglumatlar, grafikalar, suratlar, düwmeleriň nyşanlary, maglumat bazalary, dizaýn, programma üpjünçilik we beýlekiler) Baymrynyň we biziň resmi hyzmatdaşlarmyzyň intelektual we döredijilik eýeçiligi bolup durýar.
- Rugsat resmi taýdan alynman web-saýtyň mazmunyna dizaýnyna we pragramma üpjünçiligine (gaýtadan işleýiş, köpeltme, çap etme, köpçülige ýetirme), we şu sanalanlar bilen çäklenmän, şu şertleri göz öňüne tutulyp, rugsatsyz ulanylmagy, intelektual we döredijilik eýeçilige bolan hukugynyň bozulmagy hökmünde garalýar.
Fors – mažor
- “Taraplar” özlerine bagly bolmadyk fors-mažor, ýagny tebigy betbagtçylyga, degişli resminamalar bilen tassyklanan döwlet edaralarynyň hereketleri we başga hadysalar netijesinde şu ylalaşyk baglaşylandan soň dörän ýagdaýlar zerarly, şu ylalaşyk boýunça islendik borçlaryny doly ýa-da bölekleýin ýerine ýetirip bilmedik ýagdaýynda jogapkärçilik çekmeýär. Fors-mažor ýagdaýlar 3 (üç) aýdan köp dowam eden halatynda “Taraplar” şu şertnamany ýatyryp bilerler.
Jedelleri çözmegiň tertibi
- Şu ylalaşygyň şertleri ýerine ýetirilen wagtynda düşünişmezlikler we jedeller dörän ýagdaýynda “Taraplar” özara gepleşikler arkaly çözmäge ähli güýjüni ulanar, özara gepleşikler arkaly çözüp bolmadyk ýagdaýynda jedeller Türkmenistanyň hereket edýän kanunlaryna laýyklykda Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetine geçiriler.
- Arbitraž kazyýetiň çykaran karary “Taraplar” üçin hökmany we gutarnykly bolup durýar.
ALYNAN MAGLUMATLAR WE OLARYŇ ULANYŞ DÜZGÜNI
Saýtyň hyzmatyndan peýdalanýan döwrüňizde ýa-da söwda işlerini geçirmek üçin agza bolan ýagdaýyňyzda, hyzmatlarymyzyň ýokary hilini hödürlemek üçin adyňyz, familýaňyz, telefon belgiňiz, elektron poçta adresiňiz, eltip berme salgyňyz ýaly käbir şahsy magulmatlaryňyz Baymr tarapyndan toplanar. Alynan maglumatlar şu maksatlar üçin ulanylar:
- Agzalar üçin şahsy agzalyk hasabyny döretmek.
- Spam we trol agzalaryň öňüni almak. Şeýlelikde saýtyň kiberhowpsuzlygyny we beýleki müşderileriň saýtdan peýdalanmagynyň hilini ýokary derejede saklamak.
- Sargydyň ýagdaýy hakynda Agzalara habar bermek.
- Täzeliklerden we arzanladyşyklardan habardar etmek üçin.
- Sargydy gowşurmak, we müşderiler bilen aragatnaşyk saklamak üçin.
- Müşderileriň söwda saýlawlaryny seljermek we olara teklipleri hödürlemek üçin. Hyzmatlardan ýygjam ýagdaýda peýdalanýan müşderilerimiz üçin sowgatlar we ýörite arzanladyşlar hödürlemek üçin.
Bize şu aşakdaky ýollar arkaly ýüz tutup bilersiňiz:
Salgy:
www.baymr.com – Onlaýn söwda nokady
Telefon belgi:
+99363153351
E-poçta: